Şahyryň Sarpasy


«Milli miras türkmen halkynyň genji - hazynasy» atly sergi gurnaldy



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan meşhur ýazyjy-şahyrlarymyzyň, sungat ussatlarymyzyň hatyrasy belent tutulýar, olaryň köp ýyllyk döredijilikli zähmetine uly hormat-sarpa goýulýar. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda paýtagtymyzda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
-Biz näm bolsak, şol bolaly,
Bolsa bolýar eziz Watan!
-diýen setirlerini mysal getirmek bilen, bu paýhasly sözleriň halkymyzyň durmuşyna pugta ornandygyny, şu setirleriň ýaş nesli watançylyk ruhunda kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigini parasatlylyk bilen belläp geçdi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, çuň mazmunly goşgular bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan meşhur şahyrymyzdyr. Gurbannazar Ezizowyň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan goşgulary, poemalary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun aldy.

2020-nji ýylyň 1-nji martynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe 80 ýyl doldy. Şu mynasybetli paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde dabara geçirildi. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda, bahar paslynyň ilkinji gününde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda merhum döredijilik ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Dabaranyň başynda şahyr G.Ezizowyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Saragt Babaýew, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow, Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory, şahyr G.Ezizowyň gyzy Ýazgül Ezizowa çykyş edip, Gurbannazar Ezizowyň eserleriniň türkmen edebiýatyndaky orny, şahyryň goşgularynda öňe sürülýän pikirleriň ähmiýeti hakynda aýratyn nygtadylar.

Täsirli guralan çärede Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Jemal Saparowa, Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary, Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň çagalar hor topary şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Muhammetguly Kasymow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Döwletgeldi Berdiýew, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleri Gülälek Akmyradowa, Batyr Çaryýew şahyryň goşgularyny okadylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleri G.Ezizowyň goşgulary esasynda teatrlaşdyrylan çykyşy tomaşaçylara hödürlediler. Dabaranyň ahyrynda konserte gatnaşyjylar «Alkyş Size, Arkadag!» atly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar döredijilik işgärlerine goýýan belent hormat-sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.