TÜRKMENISTAN—ÝUNESKO: ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE HYZMATDAŞLYK
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahat Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.
Ýygnananlar ählumumy abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer dialogyň çuňlaşdyrylmagynyň ähmiýetini belläp, ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdiler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.