«Magtymguly Pyragynyň şygryýeti - bagtyýar ýaşlaryň baş ýörelgesi» atly sergi
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-bagtyýar ýaşlaryň ýol ýörelgesi» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi guraldy.
2023-nji ýylda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli şygardan ugur alyp Türkmenistan Watanymyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän erkin suratkeşleri we okuw jaýlarynyň suratkeş mugallymlary, sungat ugrundan bilim alýan talyplary gatnaşdylar. Bu sergide 40-dan gowrak suratkeşleriň gatnaşmagynda 70-e golaý sungat eserleri sergide görkezildi.
Arkadag Serdarly Watanymyzda giňden tutulýan bu baýramçylyk dabarasy her ýyl uly dabara bilen bellenilýär. Medeniýete we sungata bolan sarpasy, akyldar Magtymguly Pyragynyň çuň pikirli, ýiti sözli, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleri ýurdumyzyň suratkeşlerini, döredijilik adamlaryny biparh goýmaýar. Beýik akyldaryň şygyrlaryndan, paýhasyndan ylham alan suratkeşlerden Çarymyrat Ýazmyradowyň «Aýa döndi», Baýramdurdy Nuryýewiň «Täze goşgy», Toýly Çopanowyň «Magtymguly Hindistanda», Allamyrat Muhammedowyň «Döwletmämmet Azady» Ogulgül Meredowanyň «Bäsleşik» döredijilik nakgaş eserlerini, ýaş höwesjeň suratkeşi Aýnur Karowanyň «Çeçmeli dünýädir», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Laçyn Toýlyýewanyň «Älem», Jelaletdin Bekgiýewiň «Bedew», Mekan Taganowyň «Ganatly bedewler» külal suratkeşleri, Magtymguly Pyragydan görelde alan ezber elli zergärlerden Altynjemal Rejepnurowanyň, Nurmyrat Ýolamanowyň, Ýagşygeldi Berdiýewiň, Allaýar Batyrowyň kümüş-altyn çaýylan milli şaý-sepleri bilen sergä gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdiler.
Sergide halypa ussatlara ýadygärlik sowgatlary we talyp ýaşlara “Hormat hatlary” gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!