YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERIŇ SERGISI


YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERIŇ SERGISI



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebe-li myhmanlar Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri 6-njy awgustda sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri babat da ähmiýetli wakanyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýandygy aýratyn nygtalýar.
Umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişlikde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalarynyň, işewür düzümleriniň sergileri ýerleşdirildi.
Görkezilýän diwarlyklar milli ykdysadyýetleriň esasy pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk, oba hojalyk, ulag we logistika, awtomobil gurluşyk, dokma we azyk senagaty ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazanan üstünliklerini beýan edýär.