Döredijilik duşuşygy


Döredijilik duşuşygy



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda 2021-nji ýylyň 23-nji awgustynda Gökderede «Nebitçi» dynç alyş we sagaldyş merkezinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda ýazyjy-şahyrlar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän çäreler, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly nesillerimiziň sagaldyş merkezlerinde öz wagtlaryny şeýle şadyýan geçirişleri sportuň dürli görnüşlerine gatnaşyşlary hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen ýaş nesillerimizi ýetip gelýän täze okuw ýyly bilen gutladylar, rowaçlyklar arzuw etdiler. Duşuşyga gatnaşan ýazyjy-şahyrlar Altyn Baýramdurdyýewa, Rüstem Gurbannepesow, Nyýazbibi Orazowa dagylar çagalaryň beren soraglaryna jogap berdiler, şeýle-de şahyrlar Mähriban we Gahryman Arkadagymyza, Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Watanymyzyň ösüşlerine, bagtyýar nesillerimize bagyşlap ýazan goşgularyny okap berdiler.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar sözleriniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Bu döredijilik duşuşygy «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.