SAGDYNLYGYŇ MEKANY


SAGDYNLYGYŇ MEKANY



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Berkarar Diýarymyzda üstünlikli ýola goýlan sagdyn durmuş ýörelgesi saglygyny goramak we berkitmek üçin tagalla edýän her bir adamy biparh goýmaýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesinden ugur alyp, sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek, arassaçylygy berjaý etmek, şypahanalarda dynç almak, arassa howada gezmelemek, bu ugurdaky wezipeleri wagyz etmek we ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça ilkinji ädimler çagalyk ýyllaryndan başlanýar. Arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek, dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, dartgynlylykdan gaça durup, kalbyňy mydama rahat saklamaga çalyşmak, arassa howadan dem almak, aýratyn hem, akyl zähmeti bilen köp meşgullanýan hünärmenler üçin uly ähmiýete eýedir.
Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösüşi adamlaryň işjeň, köpräk hereketde bolmagyny talap edýär. Bu ýerde, esasan hem, oturyp işleýänler göz öňünde tutulýar. Hereketsizlik bolsa bogunlaryň zeperlenmesine getirýär. Şeýle-de, az hereketlilik agramyň artmagyna getirip, semizlik keseline duçar edýär. Köp hereketde bolmak bogunlarda duz ýygnanmagynyň öňüni alyp, alyş-çalyş hadysasyny işjeňleşdirýär hem-de gan aýlanyşyny güýçlendirip, bogunlaryň ýagdaýyny kadalaşdyrýar.
Az hereketliligiň öňüni almak, dürli keselleriň döremek howpuny azaltmak isleseň, işjeň hereket etmeli. Iň bolmanda, sergin howada ýeňil ädimler ädimläp, pyýada ýöremeli. Arassa howada gezmelemek bedeni taplaýar. Daşarda gezelenç wagty dürli beden hereketlerini, maşklary ýerine ýetirmek örän peýdalydyr. Sagdyn bolup, keselleriň öňüni alyp, durmuşa guwanyp ýaşamagymyz üçin şeýle ýönekeý düzgünleri ýerine ýetirmegimiz zerurdyr. Ir säher turup, maşklary ýerine ýetirmeli, penjireleri açyp, otaglaryň howasyny täzelemeli, arassaçylygy berjaý etmeli, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly, wagtly-wagtynda dynç almaly. Gök önümleri, miweleri akar suwda gowy edip ýuwmaly. Diňe gaýnadylyp sowadylan ýa-da arassalanan agyz suwuny içmeli. Tagam taýýarlananda iýmit önümlerini gowy bişirmeli. Taýýarlanan iýmitleri, zaýa boljak önümleri hökman sowadyjyda saklamaly.
Goý, mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmek babatda beýik işleri amala aşyrýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Gülendam Ýangiýewa