TÜRKMENISTANYŇ KANUN ÇYKARYJY HÄKIMIÝETINIŇ DÜZÜMLERINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ MÖHÜM WEZIPELERINE GARALDY


TÜRKMENISTANYŇ KANUN ÇYKARYJY HÄKIMIÝETINIŇ DÜZÜMLERINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ MÖHÜM WEZIPELERINE GARALDY



11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.