TOMSUŇ YSSYSYNDAN GORANYŇ!


TOMSUŇ YSSYSYNDAN GORANYŇ!



► Tomusda howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden hökman goranmaly.
► Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly.
► Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin ir sagat 06:00 bilen 09:00 aralygy iň amatly wagtdyr.
► Göreji goramak üçin Günden goraýjy äýnek dakynmak peýdalydyr.
► Günüň dowamynda bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak üçin 2,5 — 3 litre golaý arassa agyz suwuny içmek möhümdir.
► Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmek saglygyňy gorap saklamagyň girewidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.