«Ahalteke atlarynyň-gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda»


«Ahalteke atlarynyň-gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda»



Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Ahalteke atlarynyň-gözelligi şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda» atly bäsleşik sergisi gurnaldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen bäsleşige hödürlenen eserleriň arasynda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, Bagtyýarlyk döwrümizde has arzylanýan ahalteke bedewlerimiz sungatyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam, zergärçilik, grafika, fotodizaýn görnüşlerinde wasp ediilýär. Bu sergä öz işleri bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary we talyplary hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan höwesjeňler gatnaşýar. Olardan nakgaş eserleriniň arsynda «Gyratyň halas edilişi» (Görogly), «Dogumly bakyş», «Konkur», «Şalaryň awa gidişi», «Galkynyş», heýkel eserlerden «Parahatçylyk», «Goja seýis», «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany», «Asuda», haly eserlerden «Nagyşa siňen bedewler», «Atly ýöreýiş», zergärçilik işlerden «Bedew waspy», «Bedewe bolan söýgi», keramiki işlerden «Bitaraplygyň waspy», «Bedew küşt», grafiki işlerden «At çapyşyk» «Uçar ganatym», «Erkin bedewler», dizaýn işlerden «Bagtyýarlygyň we sagdynlygyň mekany», «Reňk garyşykly bedew», «Bedewiň nepisligi» atly işleri mysal almak bolar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepada bar sapada» atly kitabyndan ruhlanan suratkeşler behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygyny, owadanlygyny öz eserlerinde çeper beýan edýärler. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu bäsleşik sergisindäki ähli eserler döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabarasyna dabara goşýar.