Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi


Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary wezipeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen forumyň ähmiýetini nygtady hem-de saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.