GUJUR-GAÝRATYŇ GÖZBAŞY


GUJUR-GAÝRATYŇ GÖZBAŞY

GUJUR-GAÝRATYŇ GÖZBAŞY



Adam bedeniniň saglygyny berkitmekde, durmuşda möhüm bolan hereket ediş başarnyklaryny we endiklerini ele almakda, işe has ukyplylygy gazanmaga we ony öndürijilikli zähmete taýýarlamakda bedenterbiýäniň peýdasy uludyr. Şunda beden taýýarlygy, ýagny çakganlyk, güýçlülik, tutanýerlilik, maksadaokgunlylyk, özüňe erk etmeklik terbiýelenýär. Bedenterbiýäniň özeni bolsa maşklardan, hereket hem-de sport oýunlaryndan ybaratdyr. Bu görnüşler çagalaryň dürli myşsalaryny, bedeniň bogunlaryny, süňklerini berkitmek bilen, işjeňligini ösdürýär,
ýürek-damar, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar, madda çalşygynyň işjeňligine ýardam berýär. Dürli maşklary dogry ýerine ýetirmekde özüňe gowşaklyk etmäge ýol bermezlik endigi, soňra bolsa özüňi alyp barmagyň düzgünlerini pugta berjaý etmek zerurlygy kemala gelýär.
Erkek we zenan bedeniniň fiziki mümkinçilikleri birmeňzeş däl. Erkeklere güýçli depginli işlere döz gelmek aňsat bolýar, olaryň uly güýji, hereketleriniň uly gerimi bar. Şonuň üçin oglanlaryň we gyzlaryň bedenterbiýesiniň usullary birneme tapawutlanýar. Hereketleriň çydamlylygyny, çakganlygyny, takyklygyny ösdürmäge niýetlenen maşklar örän peýdaly. Şunda oglanlara güýji, gyzlara bolsa çeýeligi ösdürmek üçin maşklar zerurdyr.
Bedenterbiýe bedeni sagdyn ösdürýär, kämilleşdirýär, gowşaklygy aradan aýyrýar. Ol oňurganyň gyşyklygyny, küýküligi aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Maşklaryň kömegi bilen çöken döş, kiçi geriş, gowşak ösen bogunlar ýaly bedeniň kemçiliklerini düzedip bolýar. Erkekler we zenanlar üçin ýörite maşklar toplumlary bolup, olar bedeni taplaýar.
Sport oýunlary çagalarda aňy hem terbiýeleýär, köpçüligiň çykaran çözgüdine tabyn bolmagy öwredýär, öz hereketini, etsem-goýsamlaryny, meýillerini hem isleglerini amala aşyrmaga ýardam edýär. Islendik sport oýnunda öňe saýlanjak bolsaň, çalasynlygy, özüňe bolan ynamy döretmeli bolýar. Şunda hem bedenterbiýäniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Muny endik edinen çaga durmuşda-da usully bolýar. Şonuň üçin hem orta mekdeplerde her alty aýdan lukmanlar tarapyndan gözegçilik geçirilip, her çaganyň beden ukyplylygy anyklanylýar we degişli maslahatlar berilýär. Bular bilen bir hatarda, häzirki wagtda, ýagny howada tozanjyklaryň artykmaçlyk edýän döwründe sagdynlygy üpjün etmek, möwsümleýin näsaglykdan daşda durmak üçin agyz-burun örtügini hökman dakynmaly, köpçülikde 2 metr araçägi saklamaly, arassaçylygy pugta berjaý etmeli.
Maýagül GARAJAÝEWA