Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Pederlerimiziň asylly dessurlaryna, milli jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerine we gadymy halk häkimiýetlilik däplerine esaslanýan umumymilli maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi. Olaryň oňyn çözgüdi ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün eder.
Ýeri gelende aýtsak, bu gezekki mejlisiň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi onuň taryhy ähmiýetini äşgär eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler demokratik ýörelgelere hil taýdan täze itergi berip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýar.
Halk Maslahatynyň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, şeýle hem Halk Maslahatynyň agzalary, edaralaryň we kärhanalaryň köpsanly işgärleri, hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler hem-de ýaşlar gatnaşdylar.
Forumy geçirmek üçin milli Liderimiz paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne geldi. Şol ýerde mejlise gatnaşyjylaryň ählisi bilen göni wideoaragatnaşyk üçin ýörite uly monitorlar goýuldy. Hemmeler şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gutladylar.
Ählihalk forumyna gatnaşyjylara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar zerarly Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýändigini belledi. Şeýlelikde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň wekilleri Ruhyýet köşklerinde jem boldular. Ahal welaýatynyň wekilleri «Ak öý» binasyna, Aşgabat şäheriniň wekilleri bolsa paýtagtymyzyň «Mekan» köşgüne ýygnandylar.
Dabaraly pursat gelip ýetdi. Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini açyk edip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Milli Liderimiz umumymilli foruma gatnaşyjylary we ýurdumyzyň ähli halkyny jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň açylmagy hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, hemmelere iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan-- Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän Halk Maslahaty kuwwatly Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi hem-de Esasy Kanuny kämilleşdirmek boýunça başlangyç öňe sürüldi.
Bu özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlis ýaly ýokary wekilçilikli guramalaryň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Ol jemgyýetimiziň we döwletimiziň ýokary gymmatlygy bolan adamlara hem-de olaryň bähbitlerine gulluk eder. Şeýle hem kanun çykaryjylyk guramanyň iki palataly düzümini döretmek, demokratik edaralaryň işini täze derejä çykarmak başlangyçlary öňe sürüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ara alyp maslahatlaşmalaryň jemini jemläp, çykyş edenleriň hem-de ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli örän möhüm wezipelere garalan mejlisiň işine işjeň gatnaşanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz çykyş edenleriň ählihalk maslahatynda öňe sürlen başlangyçlary goldandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, şol teklipleriň hökmany suratda hasaba alynjakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalara, şol sanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakynda», Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy» diýen ady dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.
Bu ýokary sylaglar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de köpýyllyk ak ýürekli we yhlasly zähmeti, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan raýatlara gowşurylýar.
Soňra milli Liderimiz şu günki mejlisde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli taryhy ähmiýetli meselelere garalandygyny belledi. Ilkinji nobatda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda we gös-göni ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar üstünlikli iş alyp bardy. Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek baradaky mesele bütin halkymyz tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin ähli zerur işler geçirildi, ýurdumyzyň raýatlaryna Konstitusiýamyzy täzelemek bilen baglylykda, Esasy Kanunymyza degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça öz tekliplerini bermäge giň mümkinçilikler döredildi.
Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, bu ulgamda dünýä tejribesine we milli döwletlilik ýörelgämize laýyklykda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisiniň garamagyna hödürlenildi.
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» kanunynyň taslamasy umumymilli forumda doly makullanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamada okgunly ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, bäsdeşlige ukyply döwletimiziň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkidýän, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatynyň öz beýanyny tapandygy bellenildi.
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň täzelenilmegi netijesinde, ol has kämil mazmuna eýe boldy. Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu taryhy waka türkmen halkynyň Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda öňe ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň maslahatynda deputatlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkme-nistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny we biragyzdan kabul edendigini habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Esasy Kanunymyza girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar, milli Liderimiziň iki palataly Parlament düzümini döretmek hakyndaky ähmiýetli taryhy başlangyjy wajyp bolup durýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilendigini habar berdi. Täze döredilen parlamentimiziň Halk Maslahaty palatasynyň öz işine başlamagy üçin guramaçylyk işlerini hem-de bu palatanyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeli. Konstitusion kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň birinji saýlawlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara we tutuş watandaşlarymyza ýüzlenip, jemleýji söz bilen çykyş etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk köpçüliginiň döredijilik güýjüniň we ruhunyň barha ýokarlanýandygy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ykdysady hem-de durmuş taýdan gülläp ösmegini üpjün etmäge bolan hyjuwynyň egsilmezdigi guwandyryjydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Halk Maslahatynyň şu mejlisinde mähriban halkymyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge bolan synmaz erk-islegi we maksatlary aýdyň ýüze çykdy.
Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça ähli işlere ýakyndan gatnaşan adamlara minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimz olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy mejlisiň jemlemesi boldy. Onuň belent ruha beslenen owazlary ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň yoly bilen täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny döretdi.