Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi


Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi



23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan käniň ýanyndaky ýörite meýdança gondy. Milli Liderimiz bu ýerden dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.