Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi


Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi



29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.
Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.
Altynjy Hazar sammitiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly kuwwata eýe bolan Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine öňdengörüjilikli, örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Ýurdumyzyň sammitde beýan eden oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlar sebit we sebitara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bolsa umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine doly gabat gelýär.