MÖWSÜMLEÝIN DÖREÝÄN KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK


MÖWSÜMLEÝIN DÖREÝÄN KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK



Ýiti respirator keseli diýlip adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Burundan dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklygyň bolmagy onuň ilkinji alamatlarydyr. Her bir adam ýiti respirator ýokanç keseliň öňüni almak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaly, dogry we kadaly iýmitlenmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, ýönekeý bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli.

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin witamin C-askorbin turşusyna baý miweleri iýmeli, ary balyny we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma, pyrtykal miwe şirelerini içmeli. Şeýle-de, gyzyl burç goşulan unaşy içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adamyň bedeninde kesele garşy göreşijilik ukybyny berkidýär. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseller ýüze çykanda, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly we onuň beren maslahatlaryny, bejergisini berk berjaý etmeli. Derman serişdelerini özbaşdak, lukman bilen maslahatlaşman ulanmaly däl.
Türkmen topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden beýan edýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik işi ynsanlaryň gymmatly ýankitabyna öwrüldi. Bu kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, injir ýapragy, zirk, narpyz, sarygül ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli. Öý we iş otaglarynda üzärligi tütedip, howasyny tämizlemeli.
Her bir adam, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyň, ozaly bilen, özlerine baglydygyna düşünmelidir.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.