Düzgünleri berjaý edeliň, sagdyn bolalyň!
Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar şu düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler:
-Keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir. Bu ýörelgelere näçe ir eýerip başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur.
-Elleriňizi yzygiderli ýagdaýda düzümi spirtli serişdeler bilen arassalap, sabyn bilen ýuwmaly.
-Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamaly.
- Agyz-burun örtüklerini dakynmaly.
-Örtügi eliňe almazdan öň, spirtli serişde bilen eliňi arassalamaly ýa-da sabyn bilen ýuwmaly.
-Ulanyp bolan badyňa, örtügi zibil atylýana taşlamaly.
-Bir gezeklik örtükleri ikinji gezek ulanmaly däl.
- Agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalşyp durmaly.
-Öýüň içinde üzärlik tütetmeli, soňra penjireleri açyp, howany çalyşmaly. Çygly arassaçylyk işlerini geçmeli.
- Iş ýerleriňizi arassa saklamaly, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy yzygiderli zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen süpürmeli.
-Kesel alamatyny duýsaňyz, haýal etmän maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Bu düzgünleri berjaý etmek bilen, siz diňe bir öz saglygyňyzy däl, eýsem, töweregiňizdäkileriň hem saglygyny goramaga ýardam edýändigiňizi unutmaň!