“Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçirildi


“Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçirildi



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz ençeme milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy ugrunda köp işleri bitirdi. Türkmen alabaý itleriniň abraýy has-da belende göterildi. 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ilkinji gezek geçirilen “Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi, türkmen alabaýlarynyň at-abraýyny has-da belende göterilmeginiň subutnamasy boldy.
Milli mirasymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz türkmen alabaýlarynyň ýagşy gylyk häsiýetini “Türkmen alabaýy” atly kitabynda şahyranalyk bilen beýan edýär: “Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän “türkmençiligiň” batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem alabaý itleri ynsana wepaly dostlugy, eýesiniň sözüne, hereketine birkemsiz düşünýändigi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen “Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatynda we sergisinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary hem-de zehinli talyp ýaşlary, türkmen alabaýynyň şöhratyny dabaralandyrmakda özleriniň mynasyp goşandyny goşdular. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy S.Babaýewiň “Alabaýyň heýkelleri asyrlary birleşdirýän ebedilik” atly ylmy çykyşy boldy. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň 1-nji bölümi Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçirildi. Bu bölümçede çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory N.Ýagşymyradowyň “Türkmen alabaýynyň keşbini nusgawy eser hökmünde öňe çykarmak barada” atly ylmy çykyşy, halkara ylmy-amaly maslahatynyň 3-nji bölümçesinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçen, akademiýanyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymlary J.Baltaýewanyň “Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda alabaýyň keşbi”, J.Toryýewanyň “Taryhy tapyndylarda alabaýyň keşbi” atly ylmy çykyşlary boldy. Sungat ussatlarynyň ylmy çykyşlarynda çuňňur mazmuna ýugrulan döwrebap pikirler orta atyldy.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäginde milli öwüşgünlere baý, kalbyňy buýsandyrýan sergide, döwrümiziň ösüşlerini beýan edýän şekillendiriş sungatynyň eserleri giňden görkezildi. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okap bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň sungatyň dürli ugurlarynda türkmen alabaýlarynyň keşbini suratlandyrmak boýunça görkezilen açyk sapagy köpleriň ünsüni özüne çekdi. Ýaş suratkeşlerimiziň her biri öz eserlerinde alabaýyň keşbini buýsançly wasp etdiler.
Türkmen alabaýlaryna bagyşlanan “Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi türkmen halkynyň hakydasynda uzak wagtlap saklanar. Türkmen alabaýlaryny gorap saklamakda hem-de milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzyň bütin dünýä ýaýylmagyna yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys.

Bilbil ÇARYÝEWA