Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy



19-njy iýulda Saud Arabystany Patyşalygynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde, Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli geçmegi we sammite gatnaşmagy bilen mähirli gutlady. Şunda Merkezi Aziýa sebiti bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistanyň saldamly goşant goşýandygy, munuň bolsa bu hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa” görnüşindäki sammite gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine, parahatçylygyň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, sebitleýin we halkara gatnaşyklara öňdengörüjilikli, jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlary döwletara we sebitara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna uzak möhletleýin häsiýeti we durnuklylygy bermäge gönükdirilendir. Munuň özi häzirki döwrüň talaby bolup, ählumumy rowaçlygyň, abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär.