«Bitaraplygyň ýalkymy»
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny uludan tutýar. Şol toý mynasybetli Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary «Bitaraplygyň ýalkymy» atly döredijilik sergisini gurnadylar. Mekdepde hereket edýän «Nakgaş», «Heýkel», «Haly», «Zergär» bölümleriň okuwçylarynyň döredijilik işleri sergide goýuldy.
«Nakgaş» bölüminiň okuwçylary baý reňkleriň üsti bilen Watanymyzyň ösüşini, asuda asmanda halkymyzyň şatlykly pursatlarynyň dürli görnüşde beýan edipirler. «Heýkel» bölüminiň okuwçylaryň eserlerinde ganatlaryny ýaýyp uçýan kepderiniň heýkeljigini şekillendirip, asuda asmanda, parahatçylygyň nyşany beýan edilýär, şeýle-de bagtyýar tansyny ýerine ýetirýän türkmen ýigidiniň heýkeljigi hem sergini bezeýär. «Haly» bölüminiň okuwçylarynyň eserlerinde gadymy milli haly nagyşlaryny öwrenmek we häzirki döwür bilen baglanyşdyryp türkmen halkynyň baýramçylyk pursatlaryny wasp edýän suratlar we gobilen eserleri döredilipdir. «Zergär» bölüminiň okuwçylarynyň eserlerinde türkmen tebigatynyň ösümliklerinden zergärçilik nagyşlarynyň döreýişini suratlandyrlyp gadymy milli zergär önümleri we olaryň täze görnüşlerini baglanyşdyryp döreden eserleri öz beýanyny tapýar. Okuwçylar bu ajaýyp eserleriniň üsti bilen Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny wasp etdiler.