Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti şanly seneler mynasybetli açyljak desgalar boýunça iş maslahatyny geçirdi



22-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabaralarynyň maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän baýramçylygyň we ony mynasyp garşylamagyň möhümdigini belläp, Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada görkezmeler berdi.
Baýramçylyga gabatlanyp, täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary geçiriler, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň asylly däbine öwrülip, türkmen döwletiniň ykdysady ösüşini we durmuş taýdan rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.