Bagtyýar ýaşlaryň joşguny


Bagtyýar ýaşlaryň joşguny



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň buýrugy esasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Ýurdumyzyň sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2023-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda, ýurdumyzda saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup oňa 100-e golaý talyplar, okuwçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň eminler topary Konserwatoriýanyň professor-mugallymlaryndan ybarat bolup, olar her ugur boýunça aýratynlykda geçirildi: Türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, kirişli saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, ýekelikde aýdym aýtmak, hor dirižýorlygy, bagşy, fortepiano, sazşynaslyk we kompozisiýa.

Emin agzalarynyň baha bermeginde, tapawutlanan uçurymlar ikinji tapgyra gatnaşmaklyk mümkinçiligini gazanýarlar. Bäsleşigiň şertleri boýunça türkmen we daşary ýurt saz eserlerini ýerine ýetirip, şeýle hem häzirkizaman innowasion tehnologiýalary arkaly ylmy işleriniň çykyşlary bilen özleriniň ukyp-başarnyklaryny professional derejede beýan edip bilmeli.

Döredijilik bäsleşiginiň çäginde “Bahar ylhamy” festiwal konsertleri, ussatlyk sapaklary ýaş uçurym-talyplarda uly täsir galdyrdy. Konsertde halypa hem-de ýaş türkmen kompozitorlarynyň dürli žanrlarda döreden eserleri ýaňlandy.

Mynasyp orunlara eýe bolan ýeňiji uçurymlara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň konsert zalynda Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Güljemal DURDYÝEWA.