Hormatly Prezidentimiz Husraw Noziri YHG-nyň güni bilen gutlady


Hormatly Prezidentimiz Husraw Noziri YHG-nyň güni bilen gutlady



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä YHG-nyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, YHG-nyň Sekretariatynyň ähli işgärlerine bolsa mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny ýollady.