Sagdynlygyň gözbaşy
*Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde halkymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy ugurlarynyň biri hem arassaçylyk kadalaryny saklamakdyr.
Arassaçylyk işleriniň berjaý edilmegi aşhanada taýýarlanylýan tagamlaryň ýokary hilli, arassa bolmagyna getirýär. Kesel hapa ellerden, ýuwulmadyk miwe we gök-önümlerden geçýär. Şol sebäpli öýde ulanylýan gap-gaçlaryň aýratyn ýerlerde saklanmagyna ähmiýet bermeli. Nahar taýýarlamazdan öň, tagam iýilmänkä we iýlenden soň, elleri sabyn bilen ýuwmaly. Beden agzalaryny arassa saklamak ýokanç kesellerden goranmagyň ygtybarly serişdesidir. Akar suwlardan, çeşmelerden, ýaplardan suw içmek zyýanlydyr. Immun ulgamynyň işjeňligini ösdürmek üçin yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti örän uludyr.
Lukmanyň maslahatlary diňe bir uly adamlar üçin derwaýys bolman, eýsem körpeler üçin hem zerurdyr. Körpe çagalara arassaçylyk kadalaryny öwretmek sagdyn adamlaryň kemala gelmegine hemaýat edýär. Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bedeni ýokanç kesellerden goramaga ýardam berýär. Mähriban adamlar, arassaçylyk kadalaryny berjaý edip, sagdyn ýaşalyň!
Baýramgül Sähedowa