Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi


Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri beýan etdi



Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň çägini giňeltmäge gönükdirilen teklipleri beýan etdi.

Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça işleriň geçirilmeginiň möhümdigini döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek; Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak teklipleri beýan edildi.

Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak; türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.