Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji dekabrda BAE-de iş saparynda bolar


Türkmenistanyň Prezidenti 1-2-nji dekabrda BAE-de iş saparynda bolar



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşmak üçin, 1-2-nji dekabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň bu iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini nygtady. Bellenilişi ýaly, onuň gün tertibine dünýäniň durnukly ösüşini üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleler giriziler. Türkmenistan möhüm ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Türkmen wekiliýetiniň «COP-28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.