Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binasynyň daşky görnüşi atyň nalynyň şekilini alamatlandyrýan görnüşde ýerine ýetirilip, binanyň beýikligi 42.80 metre barabardyr. Binada dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryla
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binasynda 1500 tomaşaçylara niýetlenen tomaşaçylar zaly, çykyş edilýän esasy manež we türgenleşik maneži, lukmançylyk, garderob, grim, kassa, tehniki we hyzmat ediş, 30 orunlyk athana we seýisler üçin otaglary, kafeteriýa, tans we gimnastika, türgenleşik zallary, orkestr we ses ýazgy otaglary, 24 adamlyk myhmanhana bölümi, muzeý, kafe, tikinçilik we aýakgap ussahana, weterinar bölümi, işgärler üçin niýetlenen 100 orunlyk naharhanaly aşhana bölümi, ammarlar, tehniki we hyzmat ediş otaglary ýerleşýär. Binanyň tutýan umumy meýdany 12 gektar. Sirkiň esasy merkezi sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen diametri 13 metr tegelek meýdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň iň ýokarky nokadyna çenli aralyk 26 metrdir.