«Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy


«Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabarada «Türkmen altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Aýna Seýitkulyýewa, zehinli ýaş aýdymçy-sazandalary, hor topary we mugallymlary çykyş etdiler.

Çykyşlarda bellenişi ýaly, kitapda gadymy Änewiň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýär. Onuň käbir baplary arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Mundan başga-da, kitapda Änew medeniýetini ilki açan Rafael Pampelliniň, Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar bar. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklary hem-de baý medeni mirasy we ruhy däp-dessurlary goramak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda neşir edilen Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby türkmeniň beýik akyldar şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna ajaýyp sowgady boldy.

Aýnur NURYÝEWA