TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, 28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Eýranda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.