Aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy


Aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy



Ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde, saz gurallary sazlaýjy bolup zähmet çekýän Ýewgeniý Sapeginiň 75 ýaş toýy mynasybetli «Toý baýramly – mekan» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Dabara gatnaşanlar bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy waka Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir diýip belläp geçdiler.
Dabarada mekdebiň «Altyn serpaý» skripkaçylar topary, «Paýtagt» dutarçylar topary, «Şowhun» deprekçiler topary, «Ruhubelent bilbiller» hor topary we fortepiano bölüminiň okuwçylary watanymyzyň asuda asmanyny, hormatly Prezidentimizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Goý merjen paýtagtymyz Aşgabady ösüşiň täze belentliklerine çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.