Sagdynlygyň girewi


Sagdynlygyň girewi



Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hemde ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär.Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip,sabyn bilen ýuwmaly.Asgyrylanda,üsgürilende elýaglyk ulanmaly.Ýiti içege ýokanç kesellerinden,ýiti respirator ýokançlarynda -goranmak üçin arassaçylygy pugta berjaý etmeli. Hut şonuň üçin hem ellerimi-zi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň!
Elleriňi barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwda sabynlap, gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly. Gü-nüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptiki görnüşleri has netijelidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.