Gyş: sagdyn we ruhubelent boluň!


Gyş: sagdyn we ruhubelent boluň!



Gyş paslynda günüň dowamynda howanyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna ünsli bolmaly. Şeýle hem häzirki wagtda howanyň akymynyň üýtgemegi bilen baglanyşyklylykda, onuň adam bedenine ýetirip biläýjek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly, köpçülik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamaly.
Gyşda howanyň çyglylygy we sowuklygy sebäpli ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşary çykanda, hökman agyz-burun örtügini dakynmaly. Daş-töwerekdäki adamlar bilen howpsuz aralygy saklamaly. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.
Üsgürýän we asgyrýan adamlara golaý barmajak bolmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny etdirmeli. Mümkingadar adamlaryň köp üýşýän ýerine barmakdan saklanmaly. Daşardan gelnende, nahardan öň we soň eliňi sabynlap ýuwmaly. Otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalyşmaly, çygly esgi bilen süpürip, arassalap durmaly.
Kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden, ylaýta-da, buýan kökünden taýýarlanan demlemeleri içmek adam bedeniniň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýär. Her bir adam wagtly-wagtynda hemde kadaly iýmitlenmeli. Her gün gök önümleri, ir-iýmişleri iýmeli. Adamyň immun ulgamynyň ýagdaýy bedene witaminleriň, esasan hem, A we B, D witaminleriniň ýeterlik kabul edilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Bularyň ählisi gök-bakja önümlerinde bar. Mundan başga-da, sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassa howada gezelenç etmeli. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi