Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy hem-de paýtagtymyzdaky myhmanhananyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyry bilen tanyşdy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde guruljak athananyň taslamasy hem-de paýtagtymyzdaky myhmanhananyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyry bilen tanyşdy



2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.