TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY



Agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär.

Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň – Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna – Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki şöhratly ýolunyň şu gezekki tapgyrynyň jemini jemleýän we täze meýilnamalary düzýän sepgitdir. Watandaşlarymyz Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyny baýram etmäge mynasyp taýýarlandylar. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň nobatdaky tapgyryny dabaralandyrýan üstünlikler muňa şaýatlyk edýär. 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Foruma gatnaşan wekiller türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge hem-de halkymyzyň rowaçlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz forumda çykyş edip, Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynda ýetilen belent sepgitleriň ähmiýetini we düýp many-mazmunyny belledi, ýurdumyzyň parahatçylygyň, abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmeginiň ugurlaryny kesgitledi.

Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uludan ýaýbaňlandyryldy.