Eýranly aýdymçy Türkmenistanyň Döwlet muzeýindäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdy


Eýranly aýdymçy Türkmenistanyň Döwlet muzeýindäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdy



24-nji dekabrda Aşgabatda bolýan döwründe asly türkmen bolan meşhur eýranly aýdymçy Emin Rasen Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi. Myhman bul ýerde türkmen halkynyň buýsançly taryhyndan söz açýan muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdy.

Muzeýe baryp görmek aýdymçyny ruhlandyrdy, ol muzeýde saklanýan milli gymmatlyklara ýokary baha berdi.

Şol gün agşam Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Emin Raseniň konserti geçirildi. Iki sagat dowam eden tomaşada aýdymçy iň gowy aýdymlarynyň we täze eserleriniň hemmesini diýen ýaly ýerine ýetirdi. Tomaşaçylar aýdymçynyň döredijiligini gyzgyn garşyladylar.

Emin Rasen türkmen halk äheňlerini pop we rep sungatynyň häzirki zaman ritmleri bilen utgaşdyrýar. Aýdymçy köp sanly belli aýdymlaryň we abraýly baýraklaryň eýesidir.