“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR NESIL”
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – ähli çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdudyr» diýip bellän parasatly setirlerinden lezzet alýan bagtyýar çagalar bagtly ýaşap, döredijilik bilen meşgullanýarlar. «ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi bilen bilelikde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiň okuwçylarynyň 1-nji iýun «Çagalary goramagyň Halkara güni» mynasibetli «ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR NESIL» atly çagalaryň döredijilik sergisi gurnaldy. Bu sergide zehinli çagalaryň 150-den gowuragy gatnaşyp, 200-den gowurak saýlama eserleri görkezildi. Çagalaryň her bir eserlerini synlanyňda haýyr işi buşlap gelýän ak daňlardan ylham güýç alýan, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, zehinleri gaýnap joşýan bagtyýar çagalar watanymyzyň waspyny öz eserlerinde açyk suratlandyrypdyrlar. Şeýle eşretli zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, ömürleri uzak bolmagyny arzuwlap ýürek buýsançlaryny, joşgunlary goşgy setirleri bilen beýan etdiler.
Halkyň sarpalany, Hakyň halany,
Dünýä seýran bu gün şöhraty-şany,
Watanyň perzendi, göwünleň ýazy,
Alkyş aýdýas Arkadagly Serdara.