TÜRKMENISTANDA PREZIDENT SAÝLAWLARY GEÇIRILDI
12-nji martda ata Watanymyzda türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ir bilen ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna saýlawçylar öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmek — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasybyna ses bermek üçin gelip başladylar.