Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisi geçiriler


Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 17-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy bolar.

Birnäçe ugurlarda geçirilýän bu bäsleşige türkmen alabaý itleriniň merdanalygyny, gaýduwsyzlygyny, wepalylygyny hem-de çydamlylygyny açyp görkezýän döredijilik işleriniň 200-den gowragy hödürlendi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, sergide görkezilen döredijilik işleriniň awtorlarynyň atlary belli edilmän her bir eser ýörite san belgiler esasynda sergilenýär.

Serginiň açylyş dabarasy 15:00-da geçiriler.

Ozal habar berşimiz ýaly, her ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda yglan edilýän döredijilik bäsleşigini geçirmek baradaky Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda gol çekdi.

Bäsleşigiň ýeňijileri 29-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabarada yglan ediler.