TÜRKMEN ALABAÝLARY — MILLETIMIZIŇ BUÝSANJY WE KÖPASYRLYK MIRASY


TÜRKMEN ALABAÝLARY — MILLETIMIZIŇ BUÝSANJY WE KÖPASYRLYK MIRASY



30-njy oktýabrda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.