Asyryň süýji miwesi
Ine-de, ýazyň bark urýan ysy. Baharyň mymyk howasy ynsanlaryň janyny almasa ýagşy. Ýazyň ilkinji aýy meniň üçin üýtgeşik we ýatdan çykmajak günleriniň biri. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, halyçy-suratkeşi Annabibi Islamowanyň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanan haly önümleriniň sergisi açyldy.
Halyny köp dokasaň öňüňde Allanyň gudraty bilen birnäçe syrlary açylýar. Muňa göz ýetiren A.Islamowanyň Hudaý tarapyn özüniň döreden tilsimi bar. Bu tehnika heniz hiç kime mälim däl. Biz ony halylarynda, çuwallarynda, ýan torbalarynda, at arkalarynda, namazlyklarynda, saçaklarynda, dutardyr-döwrebap torbalarynda synlap bileris. A.Islamowa 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» adyna we «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylýar. Şol ýyllarda bäş welaýatyň arasynda Döwlet derejesinde «Gözbaşlar» atly bäsleşik guralanda iň uly baýraklaryň biri bolan «Gran pri» baýragyna eýe bolup, iki sany altyn medala eýe bolýar. Soňra 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.
Häzirki wagtda Annabibi Islamowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam» kafedrasynyň uly mugallymy bolup, talyplara halyçylyk sungatynyň inçe tilsimleridir, döwrebap haly we haly önümlerini ýerine ýetirmegi irginsizlik bilen öwredýär.
Häzirki döwürde A.Islamowanyň üstünligini biz ýaş halyçy talyplaryň ýerine ýetirmeginde görüp bilýäris. Mugallym ilki bilen işe ugrukdyrmazyndan ozal talybyň öz isleg-maksady näme, ýüregi bilen dokasy gelýän zadyny bilip, soňra şoňa görä ugrukdyrar ekeni. Eger-de haly dokamak islese ölçegine we halynyň möçberine görä göllerini, gyra nagyşlaryna, ýüplerine, reňklerine seredip dogry ýola gönükdirmek maksady bilen jan edip öwredip, halyny başlamagyna ak pata berer ekeni.
Onuň birnäçe eserleri sergilerde halka hödürlenilýär. Geçen ýyllardaky bir serginiň pursadyny ýatlap, şeýle diýdi: «Näçe ýyllap işläberseň, Allajanyň adama öz sowgady bar eken. Ol saňa ähli syrlary açyp berýär. Kelläňi işledip arman işläberseň öz-özüňden kalbyňy terbiýeleýäň, aňyňy berkleşdirýäň. Halypa mugallymyň iň naýbaşy işleriniň biri ýigrimi adam çörek iýip oturar ýaly uly ölçegde, hakyky ýüpekden, türkmen iline ýyllar boýy miras bolup durar ýaly supra ýerine ýetirýär. Suprany halka hödürlän badyna, hasam sungaty-öwrenijileriň talyplary we beýleki sungaty söýüji adamlar gelip, saçagyň daşyna üýşýärler. Bu saçak üýtgeşik bir haly önümleriniň ilkinjisi boldy.
Onuň eserleriniň ählisinde ganynda ornaşan millilik mahsusdyr. Birnäçe palasdyr, gobelen eserlerine syn etseň, temasyna, daşky görnüşlerine, ýüpleriniň reňk sazlaşygyna haýranlar galýaň. Üýtgeşik ajaýyp pazyryk nagyşly at arkany, çakmak göl nagyşly jübüt torbalary, düýe ýüň saçaklar toplumyny, mährem nagyşly tikin maşynyň daşlygyny, pazyryk nagyşly ýigrimi adama niýetlenen saçagy, dutar daşy, teke gölli mährem nagyşly penjireleri, pezzik we bossan gölli halylary örän üstünlikli ýerine ýetirilipdir.
Adam çyny bilen zähmet çekse, hökman arzuwyna ýetýändir. Şeýle janypkeşlik bilen zähmet çekip gelýän Annabibi Islamowa hem şol arzuwly günleriň bagtly şaýady boldy. Annabibi mugallymyň sergisini we 70 ýaşy bilen gyzgyn gutlaýarys, döredijiliginde ýene uly abraýly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris.