ARASSAÇYLYK SAGLYKDYR
Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç keseller, esasan, hapa ellerden, bişirilmedik iýmitlerden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.
Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn, berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen meşgullanmaly.
Ýiti respirator kesellere ýolukdyrýan wiruslar arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin hem öý-içeri¬ňizi arassa saklaň, çygly, arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçiriň! Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden goranmaga ýardam berýär. Iş ýeri¬ňizi arassa saklaň, peýdalanýan enjamlary¬ňyzy, el telefonlary¬ňyzy we beýleki şahsy zatlary¬ňyzy yzygiderli zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen süpüriň!
Elimiziň aýasydyr arkasyny hem-de barmak aralaryny sabynlap, akar suwuň aşagynda 20 sekuntlap ýuwmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini peýdalanmak has netijelidir.
Aşhana hemişe arassa bolmalydyr. Aşhana enjamlary, gazanlar, okaralar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürgiçleri her gün ýuwlup, güne serlip guradylmalydyr. Di¬ňe arassalanan ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy ulanmaly. Mundan başga-da, jaýyň içi we daş-töweregi elmydama tämiz saklanmalydyr. Mahlasy, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek kesellerden goranmagyň iň ygtybarly şertidir.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi