Türkmenistanda «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler


Türkmenistanda «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler



Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan maglumatlary dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine giňden tanatmak maksady bilen, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna, türkmen, iňlis we rus dillerinde «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek göz öňünde tutulýar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa bu ýygyndyny neşir etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli düzümler hereket edýän ylalaşyklaryň esasynda daşary ýurtlaryň tanymal ylmy merkezleri bilen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini düýpli öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurdaky toplumlaýyn işler Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar.

Täze neşir giň okyjylar köpçüligi, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin hem niýetlenilýär. Bu neşiri Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna ibermek, şeýle hem onuň elektron görnüşini internet arkaly-da okyjylara elýeterli etmek meýilleşdirilýär.

Täze neşiriň redaksion geňeşiniň düzümine türkmen alymlary we bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Russiýanyň meşhur bilermenleri we alymlary goşuldylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň örän baý ruhy gymmatlyklara eýedigini nygtady.

— Medeni mirasymyzy toplamak, gorap saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak möhüm wezipedir — diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndyny neşir etmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.