«Zamanamyzyň sütüni Zenan, nesil, millilik»


«Zamanamyzyň sütüni Zenan, nesil, millilik»



Maýa Kulyýewa adyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda 2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, nesil terbiýesi, sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Zamanamyzyň sütüni Zenan, nesil, millilik» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler döwrüň belentligini nazarlaýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň durmuş ykdysady ýagdaýynyň ýokary derejede ösýändigini we özgerýändigini şeýle-de ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiziň we sungatymyzyň kämilleşýändigini belläp geçdiler.
Türkmeniň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary her bir maşgalada kanun hökmünde berk berjaý edilýär. Hususan-da, gyz maşgalanyň edep-ekramyna, terbiýesine aýratyn üns berlipdir. Halkymyzda gyz maşgalanyň sesiniň öýüň daşyna eşidilmeli däldigini ündeýän käbelerimiziň her bir öwdüni giden bir mekdebe deňeýän, ýuwaş gürläp sözleýiş edebini berjaý edýän, dogry hem asylly ýaşaýan, ýagşy sözli, agras gyzlar arzylanypdyr. Her bir gyz maşgala öýiniň namysy, görki, bezegi, näzigi, baýdagy hasaplanypdyr. Maslahatyň dowamynda çykyş eden myhmanlar, gyzlara ýüzlenip däp bolup gelýän millililik, ahlaklylyk, arassa päklik, sadalyk ýaly häsiýetlere eýe bolmaklaryny ündediler.
Bulardan başga-da maslahatda çykyş edenler «Ýedi ölçäp bir kes», «Maslahatly don gysga bolmaz», «Özüni tanan weli», «Işlemedik dişlemez», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de bizini», «Gyzyny öwenden gaç, ýeňňesi öweni alyp gaç», «Diş-gala, dil-bela», «Gyz gapysy şa gapysy, müňi geler biri alar» ýaly durmuşy nakyllary we birnäçe rowaýatlary gürrüň berdiler.
Şeýlede talyplara ýol hereket düzgünlerini dogry berjaý etmeklerini ýagny ýer asty, ýer üsti geçelgelerden geçmeklerini we howa şertleri bilen peýda bolýan tebigy näsazlyklara garşy agyz –burun örtüklerini dakynyp, olary iki sagatdan çalşyryp durmalydygy barada aýtdylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.