Şanly ýylyň badalgasyna bagyşlanan dabaraly maslahat


Şanly ýylyň badalgasyna bagyşlanan dabaraly maslahat



Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz täze ýyla - 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Bu günki gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz şu parasata eýerip, 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirip, ulgamyň öňünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan bellenilýän 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri goýdy. Munuň özi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy özgerişlerini başdan geçirýän merdana watandaşlarymyzy, hususan-da, medeniýet toplumynyň işgärleriniň köňül şatlygyny joşduryp, has döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tabşyryklarynyň her biri döredijilik, medeniýet we sungat ussatlary üçin nusgalyk ýol-ýörelge, geljekki döredijilikli işlerimiziň aýdyň maksatnamasy bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy belleniljek taryhy ýylyň şygary we nyşany tassyklanyldy. Munuň özi, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz 2021-nji ýyly ýokary ruhubelentlige besläp garşy almagyň hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şanly ýylymyza belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen gadam basmagyň badalgasy hökmünde bagtyýar halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Bu taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we döredijilik, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly kitaplary esasynda täze döredilen edebi-çeper çykyşlary, şeýle hem sungat ussatlarymyzyň aýdymlary ýerine ýetirildi.
Maslahatda çykyş eden halypa ýazyjy-şahyrlarymyz, medeniýet we sungat ussatlarymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinde kämilleşip gelen milli ýörelgelerine goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, baý medeni mirasymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýatynyň taýsyzdygyny buýsanç bilen bellediler. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, dünýä jemgyýetçiligine halkara parahatçylyk we ynanyşmak paýhasyny eçilen, döwrümize şöhraty-şany, halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary edýän milli Liderimize alkyşlar aýtdylar.
Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň okgunly durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, nurana geljegimize gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen 2021-nji ýyl – «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýen şygary merdana watandaşlarymyzy täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrar, atalarymyzyň dürdäne dünýäsiniň ýörelgesini, türkmen göreldesini, milli demokratiýamyzy barha dabaralandyrar.