GÜN URMASYNDA ILKINJI KÖMEK


GÜN URMASYNDA ILKINJI KÖMEK



Tomus paslynda başgapsyz gezelenç etmek Gün urmasyna sebäp bolup biler. Gün urmasy ýüze çykanda, ilkinji nobatda, «Tiz kömege» jaň etmeli. Ejir çeken adamy kölegeli ýere ýada salkyn jaýa geçirmeli. Köýneginiň iliklerini ýazdyrmaly. Eger näsagyň ýagdaýy gowy bolsa, onda oňa sowugrak suw içirmeli. Lukman gelýänçä näsagyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaly.
Tomusda Günüň zyýanly täsirinden goraýan C witaminine (turşy tagam-ly önümler, pomidor, ysmanak), PP witaminine baý greçkaly, kartoşkaly, süýt-li iýmitleri, malyň bagryny, kösükli ösümlikleriň önümlerini köpräk iýmeli. Günüň dowamynda ulanylýan suwuklygyň (mineral suwlar, gatyk, çal, aýran, miwe we gök önüm şireleri) mukdary 2 litrden az bolmaly däldir. Tomusda derman serişdelerini, dermanlyk ösümlikleriň melhemliklerini lukman bilen maslahatlaşyp ulanmaly. Käbir dermanlar we dermanlyk ösümlikler, Gün şöh-lesine duýgurlygy ýokarlandyrýar.
Tomusda irden sagat 10:00-dan soň, öýlän sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär. Yssyda açyk reňkli nah matadan tikilen ýeňil we giň biçüwli eşikleri geýmeli. Şeýle geýimler Gün şöhlesinden goraýar, deriniň oňat dem almagyna päsgel bermeýär. Tomusda kelläňe açyk reňkli başgap geýmeli. Açyk Günüň aşagyna çykylanda saýawan götermek hemmelere maslahat berilýär.
Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultrame-lewşe şöhlesi wajyp ähmiýete eýedir. Olar az mukdarda adam bedenine, esasan hem, çagalar üçin has zerurdyr. Başgaça aýdylanda, olar adam bedeniniň ös-megi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaş-ýar.
Çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döre-meleriň emele gelmegine sebäp bolup bilýär. Her bir adam çagalykdan başlap, Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar, ýagny ilki mylaýym ýylylyk, soň-ra derisiniň gyzarmagy. Gün şöhlesiniň uzak wagtlap endamyňa täsir etmegi deriniň ýanmagyna getirýär. Gün uran adamda, ilkibaşda, ýadawlyk, ysgyn-syzlyk, kellagyry, başaýlanma, aýaklarynda we arkasynda agyry emele gelýär, onuň gaýtarmagy mümkin. Soňra gulaklarynda ses döremegi, demgysmanyň ýüze çykmagy, ýüreginiň çalt urmagy mümkin.
Şeýle alamatlar ýüze çykanda, Gün uran adama gyssagly ýagdaýda ilkinji kömek berilýär.
Günden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşikleri, başgaplary geýmeli, Günden goraýan ýörite äýnekleri dakynmaly. Tomsuna köp mukdarda agyz suwuny ýa-da gök çaý içmeli. Gök önümleri köpräk iýip, agyr, ýagly iýmitleri gündelik iýmitiň düzüminden çäklendirmeli.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek saglygyň girewidir!
Ogulgözel Tagyýewa