TOMSUŇ ÇOGLY GÜNLERINDE


TOMSUŇ ÇOGLY GÜNLERINDE



Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý et-melidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bol-maly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak mas-lahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goran-mak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamyn-da gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde daga, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlyk, açyk meýdan-da işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär.
Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök-bakja önüm-lerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy ta-gamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmiti-ňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taý-ýarlanylmalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.