Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi


Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri häzirki wagtda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalyp alnan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek üçin welaýatlarda taýýarlyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygy barada hem habar berildi.

Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak we ony gaýtadan işlemek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.

Häkimler şeýle-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygy toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök önümleriň öz wagtynda ýygnalmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işler bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.