Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi


Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi



19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, şol birwatgyň özünde binalarda häzirki zamanyň ösüş tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň özara tejribe alyşmak maksady bilen, Mary welaýatyna iş saparynyň guralmalydygyna ünsi çekdi. Olar welaýatyň medeni durmuşyndaky hem-de oba hojalygyndaky oňyn tejribeler bilen tanşarlar. Munuň özi häkimleriň iş tejribesini mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.
Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.
Medeniýet ministri A.Şamyradow şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalaryň açylmagynyň we şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Meýilleşdirilen medeni çäreler milli ýörelgelere we häzirki zaman tejribelerine kybap gelmelidir, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän medeni çärelerde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýarlygy we milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýetilen sepgitler öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işleriň, Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň waspy ýetirilmelidr. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda we Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.