TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN BMG-niň ULAG BOÝUNÇA KARARNAMASY KABUL EDILDI


TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN BMG-niň ULAG BOÝUNÇA KARARNAMASY KABUL EDILDI



2-nji aw¬gustda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soň¬ky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.