TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÄNEW—MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÄNEW—MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, 29-njy martda Arkadag şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar. TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilen bu çözgüt Watanymyzyň belent halkara abraýa eýediginiň, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan uly goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.