Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri


Ýaş dizaýnerleriñ bilim netijeleri



Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziñ il-ýurt bähbitli alyp barýan ähli işlerinde uly gidişlikler gazanylyp, häzirki zaman türkmen sungatynyñ ösüşinde aýdyñ ýüze çykýar. Indi türkmeniñ milli ruhy dünýäsi, medeni mirasy, özboluşly dünýägaraýşy kemala geldi. Biziñ milli medeniýetimize, sungatymyza, mirasymyza halkymyzyñ milli buýsançlary, häsiýetleri, ynanç-ygtykatlary, türkmenleriñ ruhy älemi siňipdir.

Milli sungatymyz bilen bir hatarda dizaýn sungaty hem Türkmenistanyñ Döwlet çeperçilik akademiýasynda dizaýn sungatynyñ inçe tilsimlerini, halypa mugallymlar talyp ýaşlara zähmetlerini gaýgyrman bilim berýärler. Dizaýn hünäri boýunça bilim alýan talyplar binagärlik gurşawynyñ bezegini we bezeg işleri boýunça kämilleşdirilýär. Olar alty ýylyñ dowamynda alan bilimlerini diplom işlerinde görkezýärler. Dizaýn kafedrasynyñ diplom goragy iýun aýynyñ 15-ne ýokary okuw mekdebiniñ sergiler jaýynda halypa mugallymlaryñ we myhmanlaryñ gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Ilmämmedow Azatlyk diplom temasyny döwrebap saýlap almagy başarypdyr. "Gündogar çaýhanasy" atly diplom işinde binanyñ içki we daşky dizaýn taslamasynyñ esasy düşünjesi türkmen milli tahýasy bolup, ony türkmeniñ ak öýüniñ keşbi bilen sazlaşdyryp ýerine ýetirdi. Çaýhana iki gatdan ybarat bolup, köp meýdanyny açyk howada dynç alyş zolaklary bezeýär. Bu taslama şäher gurluşygynda gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-dynç alyş zolagyna öwrüler diýip umyt edýäris.

Aýşa Seýitowanyñ "Pasyllar" atly diplom işinde häzirki zaman dizaýn sungatyny açyp görkezipdir. Ol dekoratiw häsiýete eýedir. Özüniñ diplom işinde Türkmenistan Watanymyzyñ dört paslynyñ gözelligini görkezipdir. Mundan başga-da türkmen tebigatynyñ dermanlyk ösümliklerini görkezmegi başarypdyr. Diplom işini ýerine ýetirmek üçin ýüpek sapak, biser we lentalardan peýdalanyp, häzirki zaman dizaýn sungatyna laýyk gelýän eseri döredipdir.

Aýgözel Babaýewa bolsa "Talyp gözeli" atly egin-eşigiñ taslamasy işinde ene-mamalarymyzdan häzirki biziñ günlerimize çenli miras galan nusgalardan peýdalanyp, häzirki zaman döwrebap egin-eşigine geçirdi. Gadymdan gelýän keşde nusgalaryny stilleşdirip ulanmagy, türkmeniñ gadymy keşdeçilik sungaty bilen içgin gyzyklanandygyny görmek bolýar. Bu işinde türkmen milli ketenisini, panbarhat matalaryny ulanypdyr. "Talyp gözeliñ" egin-eşiginiñ taslamasyna salnan keşde nagyşlar özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Lybasyñ düzümi köp bölekli we aşa bezegli, jadyly alamatlary siñdirilen çeper keşbi kämil we döwrebap görnüşinde ýerine ýetiripdir.

Baýly Mämedowyñ saýlap alan diplom işi ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän sergide bezeg ähmiýeti uludyr. Talyp diplom taslamasyny uly nal şekilinde alyp, onuñ merkezindäki ýerlikde nepis bedew şaý-sepini ýerleşdirýär. Şaý-sepleri ýerleşdirmek üçin niýetlenen meýdançanyñ ýapgyt bolmagy uzakdan synlaýanlara görmek üçin mümkinçilik döredýär.

Çeper Piriýewanyñ "Magtymguly Pyragy" atly üç bölekden bezegli panno diplom işinde Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen sährasynyñ baýlygyny hem-de türkmen topragyny şaý-seplerini, saz gurallaryny, ak şäherimiziñ öwüşginli binalaryny sazlaşykly reñkleriñ üsti bilen görkezmegi başarypdyr.

Jemile Guçukowanyñ "Wagtyñ gymmatlygy" atly diplom işinde döwrebap sagadyñ taslamasy häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan öý sagatlarynyñ klassiki durkuny saklap, türkmen nagyşlary we elementleri bilen milli äheñde ýerine ýetiripdir. Eseri synlanyñda işiñ ýerine ýetirilişinde onuñ kesimleriniñ häzirki döwrüñ talaplaryna laýyk gelýän stanoklarda kesilip, nepislik bilen sünnälenilip işlenendigini görmek bolýar.

"Buýsanjym" atly diplom işini Jeren Geldibaýewa birnäçe gözlegleriñ esasynda ýerine ýetirdi. Diplom işi üç bölekden ybarat bolup, merkezi böleginde "Garaşsyzlyk" binasyny, çep böleginde "Parahatçylyk" monumentiniñ şekillerini sazlaşykly ýerleşdirip, ýurdumyzyñ parahatçylykly ösüşini özüniñ diplom işinde görkezmegi başarypdyr.

Uçurym talyp Sülgün Jumaýewa "Magtymguly Pyragynyñ goşgusyndan" atly üç bölekden ybarat batik işi özüniñ döwrebaplylygy bilen saýlanýar. Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygy mynasybetli döredilen bu eserde ýurdumyzyñ ylym-bilim babatynda ösýän özgerişliklerini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ arzuwlan zamanasynyñ gelendigindigini, bu talyp diplom işinde reñkleriñ sazlaşygynyñ esasynda beýan etmegi başarypdyr.

Dabaraly ýagdaýda geçirilen Dizaýn kafedrasynyñ diplom goragynda çykyş eden uçurymlara ýokary okuw mekdebimiziñ halypa mugallymlary özleriniñ maslahatlaryny berdiler we olara geljekde uly ösüşleri arzuw etdiler.